Frogtoon Music

Artist Biography For Dunya Nurmamedowa

Dunya Nurmammedova Is A Naturally Talented And Intelligent Pianist From Turkmenistan. Dünýä 1985-Nji Ýylyň 23-Nji Ýanwarynda Aşgabatda Dünýä Inýär. Ol 1992-Nji Ýylda Diplomat Gyzy Hökmünde Maşgalasy Bilen Bilelikde Ankara Ýaşamaga Gelýär. Şol Ýyl Ankaranyň Dr.Reşit Galip Başlangyç Mekdebine Okuwa Gidip Başlaýar We Soňra Okuwyny Orta Gündogar Tehniki Uniwersitetiniň Liseýinde Dowam Edýär. Saza Bolan Aýratyn Höwesi Tebigy Zehini Entek Kiçijik Ýaşyndaka Onuň Ilhalar Sazlary Döretmegine Alyp Barýar. 12 Ýaşyndan Bäri Ähli Konsertlerinde Klassik Saz Ägirtleriniň Eserleri Bilen Bilelikde Öz Döreden Sazlaryny Türkmen We Türk Kompozitorlarynyň Eserlerini Ýerine Ýetirip Gelýär. 2000-Nji Ýylyň 23-Nji Maýynda Türkiýäniň Medeniýet Ministrligi Türk Döwlet Radio We Telewideniýe Guramasynyň Baş Müdirligi Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasy Tarapyndan Fertopiano Konserti Gurnalanda Dünýä 15 Ýaşyndady. Entek Hiç Bir Ýerde Saz Ugrundan Ýörite Okuwda Okamandy. Bu Konsertiň Üstünlikli Geçmegi Netijesinde Saz Äleminiň Ussatlary Oňa Bu Senedi Hakyky Hünärine Öwürmegi Maslahat Berýärler. Dünýä 2000-Nji Ýylda Türkiýäniň Hajattepe Uniwersitetiniň Döwlet Konserwatoriýasynyň Giriş Ekzanlerini Üstünlikli Tabşyryp Iki Klasy Bökdürip Pianino Bölümine Girýär. Ol Bu Konserwatoriýadaky Ýaş Türk Sazandalary We Aýdymçylaryndan Ybarat “Dünýä Topary” Atly Ansamblyny Döredýär. Türk Aýdymçylaryna Dürli Halklaryň Aýdymlary Bilen Bilelikde Türkmen Aýdymlaryny Aýtdyryp Tansçylaryna Türkmen Halk Oýunlaryny Ýerine Ýetirdiýär. Ankarada Bursada Antaliýada Ýozgatda Kyrşäherde Öz Topary Bilen Konsertler Berýär. Şeýle Hem Ol Türkiýäniň Birnäçe Belli Telewideniýe Kanallarynda Yzygiderli Pianino Konserti Bilen Çykyş Edýär. Ol 2002-Nji Ýylda Angliýanyň Bournemouth We Poole Saz Lisesine Girip Ony 2004-Nji Ýylda Öz Ugry Fertopianodan Ýokary Dereje Bilen Gutarýar. Onuň Angliýada Halkara Derejesinde Ýörite Saz Tälimini Almagy Döredijiligine Aýratyn Täsir Edýär. Dünýäniň Ors Hem Günbatar Pianino Medeniýetini Gowy Bilýänligi Oňa Türkmen-Türk Äheňlerini Goşmagy Başarýanlygy Özboluşly Döredijiliginiň Esasy Öwüşgini Hasaplanýar. Ýerine Ýetirijiligindäki Hyjuw We Joşgun Ony Saz Äleminde Bah Pianisti Hökmünde Tapawutlandyrýar. Ol Bournemouth We Poole Saz Lisesinde Ian Davies Martin Outhwaite We Dr. Mark Bellis Ýaly Tejribeli Saz Mugallymlaryndan Sapak Aldy. Dünýä 2004-Nji Ýylyň 3-Nji Aprelinde Londonyň Iň Meşhur Saz Okuwlarynyň Biri Bolan Guildhall Konserwatoriýasynda Ýörite Konsert Berip Ussat Pianistiň Şahadatnamasyna Eýe Bolýar. Ol 2004-Nji Ýylda London Konserwatoriýasynyň Fertopiano We Kompozitorlyk Fakultetine Okuwa Girýär. Hem Pianino Hem Kompozitorlyk Bölümine Girip Okamak Dünýäniň Iň Uly Arzuwlarynyň Biridir. Ol Häzir Bu Konservatoriýanyň Mugallymy Ussat Iňlis Konsert Pianisti Jill Crosslanddan Saz Tälimini Alýar. Ol Angliýada Dürli Şäherlerde Konsertler Berýär. “Ýagyş Damjajyklary” “Öçmeýän Uçgun” “Erkin Atlar” “Bir Damja Gözýaş We Hasrat” “Iň Owadan Gülälek” “Ümsümlik Içinde Ýalňyz Güýz” “Ýer Aglanda” Ýaly Onuň Öz Döreden Sazlaryny Londonyň The Lycdas Trio Sazandalar Topary We Başga Birnäçe Iňlis Hem Türk Sazandalary Ýerine Ýetirýärler. Dünýaniň Ýene Bir Aýratynlygy Ol Düzýän Sazlaryna Türk Hem Iňlis Dillerinde Aýdym Sözlerini Ýazýar. Onuň Şeýle Aýdymlaryndan Ejesine Bagyşlap Ýazan “Söýgi Jenneti” Atly Hüwdi Äheňindäki Aýdymyny Ýaş Iňlis Aýdymçysy Lisa Baileý Bilen Ýaş Nemes Aýdymçysy Mary Louise Batz Iňlis We Türk Dillerinde Aýdýarlar. Iňlis Saz Ussatlary Dünýäniň Ýerine Ýetirijiligine Tebigy Zehin Bilen Badaşan Sazanda Hökmünde Baha Berýärler Türkiýede Bolsa Ony Bütin Türk Dünýäsiniň Dünýädäki Owazy Hökmünde Tanaýarlar. 2003-Nji Ýylda Türkiýäniň Medeniýet Ministrliginiň Ýolbaşçylygynda “Üstünligiň Ilkinji Ädimleri” Ady Bilen Pianist We Kompozitor Dünýä Nurmämmedowa Hakda Ýaş Zehinli Sazandalara Görelde Bolmak Maksady Bilen Iňlis We Türk Dillerinde Ýörite Kitap Neşir Edilýär. Ol Türkmen Türk We Iňlis Dillerini Bilýär. Käbir Konsertleri 1999-Nji Ýylyň 28-Nji Dekabrynda Ankarada TRT Ýewraziýa Telewideniýesinde Öz Döreden Sazlarynyň Konserti 2000-Nji Ýylyň 23-Nji Maýynda Türkiýe Medeniýet Ministrligi TRT We Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasy Tarapyndan Gurnalan Konserti 2001-Nji Ýylyň 4-Nji Iýunynda “Türkiýäm” Gaznasy Tarapyndan Gurnalan Ankaranyň Türk Ojagy Taryhy Binasyndaky Konserti 2001-Nji Ýylyň 10-Njy Iýunynda Ankarada TW8 Türk Telewideniýesindäki Konserti 2001-Nji Ýylyň 7-Nji Oktýabrynda Türkiýe Beýik Millet Mejlisi Tarapyndan Gurnalan Ankarada Türk Beýik Millet Mejlisiniň Binasyndaky Konserti 2002-Nji Ýylyň 28-Nji Aprelinde Türk-Gazak Halkara Ahmet Ýasawy Uniwersiteti Tarapyndan Gurnalan Ankaranyň Türk Ojagy Taryhy Binasyndaky Öz Topary Bilen Bilelikdäki Konserti 2002-Nji Ýylyň 24-Nji Maýynda Türkiýäniň Milli Magaryf Ministrligi Bursa Welaýaty We Uludag Uniwersiteti Tarapyndan Gurnalan Bursa Şäherinde Öz Topary Bilen Bilelikdäki Konserti 2002-Nji Ýylyň 19-20-Nji Iýulynda Türkiýäniň Döwlet Ministrligi Antalýa Welaýaty Tarapyndan Gurnalan Antalýa EXPO CENTER-De Öz Topary Bilen Bilelikdäki Konserti 2002-Nji Ýylyň 28-Nji Dekabrynda Türkiýe Medeniýet Ministrligi Tarapyndan Gurnalan Ankaranyň Türk Ojagy Taryhy Binasyndaky Konserti 2004-Nji Ýylyň 3-Nji Aprelinde Londonyň Guildhall Konserwatoriýasy Tarapyndan Gurnalan We Bu Konserwatoriýadaky Konserti 2004-Nji Ýylyň 15-Nji Maýynda Angliýanyň Albans Saglyk Merkeziniň Dostlary Jemgiýeti Tarapyndan Gurnalan Bournemouth Şäherinde Dorset Polisiýa Orkestra Bilen Bilelikdäki Konserti 2004-Nji Ýylyň 23-Nji Iýunynda Bournemouth We Poole Saz Okuwy Tarapyndan Gurnalan Poole We Southborne Şäherlerindäki Hoşlaşyk Konsertleri 2004-Nji Ýylda 13-Nji Dekabrda London Konserwatoriýasy Tarapyndan Gurnalan Iňlis Ors Pianistleri Bilen Bilelikdäki Konserti.

HOME DUNYA NURMAMEDOWA
POPULAR TRACKS MIXES ALBUMS
Video 1 : 50
Share
Max