Frogtoon Music

Artist Biography For Guljan Hummedowa

Güljan Hümmedowa 1937-1996 - Türkmen Milli Estrada Aýdym Sungatynyň Görnükli Wekilleriniň Biri Türkmenistanyň At Gazanan Aktrisasy. Güljan Gadymdan Gelýän Bagşyçylyk Sungatynyň Täze Nusgasyny – Estrada Sungatynda Çykyş Edip Köpleriň Söýgüsine Mynasyp Boldy. Halkyň Zähmetini Bagtyýar Durmuşyny Wasp Edip Saz Söýüjileriň Güýjüne Güýç Goşdy. Özüniň Mahmal Owazy Maýyl Ediji Aýdymlary Bilen Diňleýjileriň Göwnünden Turdy. Güljan Hümmedowanyň Repertuarlarynyň Esasy Bölegi Türkmen Kompozitorlarynyň Eserlerinden Halk Aýdymlarydyr Doganlyk Halklaryň Aýdymlaryndan Düzülip Türkmen Halkynyň Geçmiş Taryhyny Watana Bolan Söýgüsini Wasp Edýän Aýdymlary Bilen Halka Ruhy Lezzet Berýärdi. Režissýor Alty Garlyýewiň Düşüren We Halkyň Uly Söýgüsine Mynasyp Bolan “Aýgytly Ädim” Filminde Güljanyň Ýerine Ýetiren Ene Hüwdüsi Şowly Çykan Aýdymlaryň Biridir. Bilbil Owazy Bilen Aýdylan Bu Aýdym Filme Aýratyn Öwüşgin Çaýýar. Enäniň Çagasyna Bolan Yssy Mähri Söýgüsi Aýdymyň Içinde Erş-Argaç Bolup Geçýär. Güljan Hümmedowa Heniz Mekdepde Okaýan Ýyllarynda-Da Mekdebiň Çeper Höwesjeňler Kollektiwine Gatnaşyp Özüniň Tebigy Zehinini Görkezerdi. Zaldan Eşidilýän Şowhunly El Çarpyşmalar “Berekella Güljan!” Diýen Sesler Onuň Ruhuny Göterýärdi. Şol Döwürler Mekdeplerde Kolhozlarda Etraplarda Her Ýyl Diýen Ýaly Dürli Bäsleşikler Festiwallar Guralýardy. Güljan Şol Bäsleşiklere Işjeň Gatnaşyp Dürli Diplomlara Sylaglara Mynasyp Bolýardy. Ejesi-De Gyzynyň Şeýle Şirin Owazyna Çäksiz Guwanýardy. Güljanyň Aýdym Aýtmagyna Mümkinçilik Döredýärdi. Güljan Ýaşlygyna Garamazdan Eýýäm Mary Etrabynda Tanalýardy. Şoňa Görä-De Mary Welaýatynda Guralýan Konsertler Onsuz Geçmeýärdi. Ildeşleri Ony Höwes Bilen Diňleýärdiler. 1957-Nji Ýylda Türkmenistanda Çeper Höwesjeňleriň Festiwaly Geçirildi. Güljanam Şol Festiwala Gatnaşyp Birnäçe Türkmen Halk Aýdymlaryny Aýtdy. Emin Agzalarynyň Arasynda Türkmen Kompozitorlary Atly Bagşy-Sazandalary Opera Aýdymçylary Bardy. Olar Uly Höwes Bilen Güljanyň Aýdýan Aýdymlaryny Diňlediler. Güljan Jany-Teni Bilen Aýdym Aýdyp Gara Dere Batardy. Diňleýjiler Şowhunly El Çarpyp Ony Ýene-De Sahna Çagyrýardylar. Güljan Özüne Bildirilýän Hormata Begenjinden Aglaýjak Bolýardy. Festiwalyň Birinji Bölümi Gutaran Badyna Emin Agzasy Daňatar Öwezow Bilen Türkmenistanyň Halk Artisti Maýa Kulyýewa Güljany Eminleriň Stoluna Çagyrdylar. Güljan Gorka-Gorka Eminleriň Ýanyna Gelip Ýüzüni Aşak Salyp Durdy. Maýa Kulyýewa-Da Daňatar Öwezow Hem Güljana Hökman Sazçylyk Uçilişesiniň Aýdym Bölümine Girmegi Maslahat Berdiler. Güljan Eminler Agzasynyň Maslahatyny Kabul Edip Olara Sag Bolsun Aýtdy. Ol Şeýle Hem Etdi. Güljan Uçilişede-De Dört Ýyl Okap Ony Üstünlik Bilen Tamamlady. Güljany Türkmen Döwlet Filarmoniýasyna Aýdymçy Hökmünde Işe Iberdiler. Bu Bolsa Güljan Üçin Uly Sylagdy Hormatdy. Ol Indi Mylly Täçmyradow Adyndaky Türkmen Döwlet Filarmoniýasynyň Solistkasydy. Güljan Türkmen Döwlet Filarmoniýasynyň Pürli Saryýew Adyndaky Türkmen Döwlet Orkestrinde Işlän Döwründe Türkmen Kompozitorlarynyň Köpüsiniň Aýdymlaryny Höwes Bilen Öwrenýärdi. Konsertlerde Çykyş Edip Tomaşaçylardyr Kompozitorlar- Şahyrlaryň Sag Bolsunyna Mynasyp Bolýardy. Güljan Türkmen Döwlet Filarmoniýasynyň Dürli Saz Toparlary Bilenem Ýörite Repertuar Taýýarlap Türkmenistanyň Ençeme Obalarynda Şäherlerinde Çykyş Edip Köpüň Söýgüsini Gazandy. Radioda Telewideniýede Çykyş Edip Halka Ruhy Lezzet Berýärdi. Aýdym-Saz Muşdaklary Zehinli Aýdymça Çäksiz Buýsanýardylar. Hökümetimiz Türkmen Estrada Sungatyny Ösdürmekde Goşan Gymmatly Goşandy Üçin Oňa „Türkmenistanyň At Gazanan Artisti“ Diýen Hormatly Ady Dakdy. Güljan Birnäçe Gezek Medallardyr Hormat Hatlary Bilen Hem Sylaglandy. Arman Güljan Hümmedowanyň Ömri Gysga Boldy. Ol 1996-Njy Ýylda Aşgabat Şäherinde Aradan Çykdy. Şeýle-De Bolsa Onuň Şirin Owazynyň Ýazgylary Häli-Şindi Türkmen Telewideniýesiniň Ekranlarynda Radioda Ýaňlanyp Dur. Güljan Hümmedowanyň Ýerine Ýetirijilik Ussatlygy Şägirtler Üçin Nusga Alarlykdyr.

HOME GULJAN HUMMEDOWA
POPULAR TRACKS MIXES ALBUMS
Video 1 : 50
Share
Max